Mbappe La Ligadaky ilkinji duşuşygynda gowşak baha aldy
Dünýä belli futbol ýyldyzy Kilian Mbappe La Ligadaky ilkinji duşuşygynda garaşylanyndan pes derejede çykyş etdi. «Malýorka» futbol topary bilen bilen geçirilen we 1:1 hasabyndaky deňlik bilen tamamlanan duşuşykda fransiýaly ýyldyza iň pes bahalaryň biri berildi.
«Flashscore» Mbappe bu duşuşykdaky çykyşy üçin 6,9 utuk berdi. Onuň utugy diňe 6,5 utukly Daniel Karwahaldan we 5,6 utukly Ferlan Mendiden köp. Mendinyň bolsa duşuşygyň ähyrky minutlarda gyzyl kart alyp, oýundan çykarylandygyny ýatladýarys.
Duşuşykdan soň Mbappe jemgyýetçilik torlarynyň birindäki hasaby arkaly janköýerlerine: «Gowy netije däl. Başymyzy galdyryp, ähli ünsümizi duşuşyklara bermeli. Hala Madrid!» diýip ýüzlendi.
Garaşylanyndan pes başlangyja garamazdan, Mbappe üçin özüni görkezmäge mümkinçilik bar. 25-nji awgust güni «Real Madrid» Santiago Bernabeu stadionynda «Wallýadolidi» kabul eder.