Türkmen samboçylary Dünýä kubogyny 10 medal bilen jemlediler
Türkmenistanly samboçy Nyýazmyrat Babekow Gyrgyzystanyň Çolponata şäherinde geçirilen Dünýä kubogynda altyn medala mynasyp boldy. Ol bu üstünligi sport sambosy boýunça 64 kilograma çenli agram derejesinde gazandy.
Ozal hem habar berşimiz ýaly, Dünýä kubogynyň ilkinji gününde türkmen türgenleri dört medal gazanypdylar. Ýaryşyň jemleýji gününde olar bu medallaryň üstüni ýene-de altysy bilen ýetirip, 10-a tegelediler.
Dünýä kubogynyň ikinji gününde Nyýazmyrat Babekowyň gazanan altyn medalyndan başga-da, sport sambosy boýunça Babamyrat Baýramow (58 kilograma çenli agram derejesi) we Aziza Nazarowa (50 kilograma çenli) bürünç, söweş sambosy boýunça Ýusup Taňryberdiýew (58 kilograma çenli) bilen Zarina Abdyrahmanowa (54 kilograma çenli) kümüş, Maksat Annagylyjow (88 kilograma çenli) bilen Gülzada Jorakulyýewa bolsa bürünç medal gazandylar.
Dünýä kubogy 26 agram derejesi boýunça geçirildi.