AŞGABAT ŞÄHER HÄKIMLIGINIŇ
OLIMPIÝA ŞÄHERJIGINI
DOLANDYRYŞ MÜDIRLIGI

23.08.2024

Türkmenistanyň kubogynyň çärýekfinalynyň ilkinji duşuşygynda «Ahal» «Köpetdagdan» üstün çykdy

«Ahal» futbol topary Türkmenistanyň kubogynyň çärýek finalynyň çägindäki duşuşykda «Köpetdagdan» üstün çykdy. Aşgabatdaky «Nusaý» stadionynda geçirilen duşuşyk «Ahalyň» 2:1 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.

Duşuşygyň ýer eýeleri üçin garaşylmadyk netije bilen başlanandygyny aýtmak gerek. Eýýäm 3-nji minutda «Köpetdag» Şiri Annaýewiň geçiren goly bilen hasapda öňe saýlandy. Ýöne «Ahal» garşydaşyň toparyň bu üstünligi uzak wagtlap goramagyna rusgat bermedi. 20-nji minutda Meýlis Diniýew Elman Tagaýewiň meýdanyň burçundan oýna girizen pökgüsini ussatlyk bilen derwezä gönükdirip, hasaby deňledi. 71-nji minutda bolsa kapitan Elman Tagaýew özüne ynanylan 11 metrlik jerime urgusyny dürs ýerine ýetirdi we hasaby 2:1-e çykardy.

Duşuşykdan soň Meýlis Diniýew oýun baradaky pikirlerini şeýle beýan etdi: «Kyn duşuşyk boldy. Garşydaş goraga çekildi, bu bolsa bize tälimçimiziň beren görkezmelerini ýerine ýetirmekde käbir kynçylyklary döretdi. Ikinji ýarymda oýny biraz ele aldyk. Ýöne umuman alanymyzda, göwnümizdäki ýaly oýun bolmady. Has gowy göreşip bilerdik».

Şeýle hem ol kelle urgularyny edeňde, dogry ýerde durmagyň ähmiýetine ünsi çekdi. Şol bir wagtyň özünde-de Elman Tagaýewiň meýdanyň burçundan özüne ussatlyk bilen geçirendigini aýtdy. Duşuşygyň başynda goýberilen gol bilen bagly sowala bolsa toparyň ilkinji minutlarda sazlaşykly goranyp bilmändigi bilen düşündirdi.

Kynlyk bilen gazanylan ýeňşe garamazdan, Diniýew 8-nji sentýabrda geçiriljek jogap duşuşygynda toparynyň has ynamly çykyş edip, ýaryşyň indiki tapgyryna geçjekdigine ynam bildirdi. Şeýle hem ol toparyň Türkiýede örän netijeli okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirendigini aýdyp, güýçli garşydaşlaryň birnäçesine garşy netijeli oýny orta goýandyklaryna ünsi çekdi.

Çärýekfinal duşuşygynyň başga bir aýratynlygy bolsa Meýlis Diniýew tarapyndan ýokary baha berlen sary reňkli lybas boldy. «Täze lybasymyz bize üstünlik getirdi. Öňümizde jogap duşuşygy hem bar. Ondan hem özümizi kanagatlandyrýan netijäni gazanjakdygyma ynanýarys» diýip, ol sowallarymyza jogap berdi.