Aşgabatda profesional we höwesjeň futbolçylaryň gatnaşmagynda «Dostluk kubogy» atly futbol baýramçylygy geçirildi
Türkmen paýtagtynda professional we ýaş futbolçylaryň gatnaşmagynda «Dostluk kubogy» atly adaty bolmadyk futbol baýramçylygy geçirildi.
Bu çäräni «Dostluk ýyldyzlar» futbol kluby Türkmenistanyň Futbol federasiýasy we «Ahal» futbol kluby bilen bilelikde gurady. Oňa ýaş futbolçylaryň 150-den gowragy we olaryň ata-eneleri gatnaşdy.
Çagalarda futbola bolan höwesi artdyrmak we nesilleriň arasyndaky baglanyşygy güýçlendirmek maksady bilen geçirilen çäre gyzgyn goldawa eýe boldy. Çagalar we olaryň ata-eneleri bilelikde sport baýramçylygyna şaýat boldular.
«Dostluk Ýyldyzlar» klubynyň ýolbaşçysy Rüstem Esenow «Turkmenportala» beren interwýusynda: «Bu çäräni geçirmek arkaly biziň maksadymyz ata-eneleriň öz çagalaryna berýän ünsüni güýçlendirmekdir. Başda biz festiwaly diňe çagalar we olaryň ata-eneleri bilen bilelikde geçirmekçidik. Ýöne soňra media we Futbol federasiýasy hem bu işde bize goldaw berdi» diýdi.
Şeýle hem Esenow üç ýyldan bäri işläp gelýän we 5 ― 12 ýaş aralygyndaky çagalara tälim bermek bilen meşgullanýan klubda alnyp barylýan işler barada gürrüň berdi. Onuň aýtmagyna görä, klubda diňe bir çagalaryň futbol başarnyklaryny ösdürmek bilen çäklenmän, eýsem, olardaky futbol pelsepesini hem kämilleşdirmäge üns berilýär.
Dabaranyň başga bir aýratynlygy bolsa oňa Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň wekilleriniň hem gatnaşmagydyr. Guramaçylaryň aýtmagyna görä, bu aýratynlyk çagalaryň futbola bolan söýgüsiniň has artmagyna täsir etdi.
Festiwalyň netijelerine-de ünsi çeken Esenow: «Geljekde bu festiwaly yzygiderli geçirmegi, hatda halkara derejesine çenli giňeltmegi meýilleşdirýäris. Maksadymyz ýaşlaryň arasynda futbolyň tagamyny, oňa bolan söýgini we şöhratyny artdyrmakdyr» diýip nygtady.