AŞGABAT ŞÄHER HÄKIMLIGINIŇ
OLIMPIÝA ŞÄHERJIGINI
DOLANDYRYŞ MÜDIRLIGI

29.08.2024

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy her tapgyryň iň owadan gollarynyň ses berlişigini ýola goýdy

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy milli çempionatyň 20-nji tapgryyndan başlap, iň owadan gollaryň ses berlişigini guraýar. Janköýerler islän goluna Federasiýanyň jemgyýetçilik torlaryndaky sahypasy arkaly ses berip bilerler.

«Tapgyryň iň owadan goly» atly ses berlişikde bu ada dalaşgärleriň arasynda Abdyresul Abdyýewiň («Merw»), Musa Nurnazarowyň («Şagadam»), Galabeg Jumamyradowyň («Köpetdag»), Röwşengeldi Halmämmedowyň («Altyn asyr»), Elman Tagaýewiň («Ahal»), Perman Hallyýewiň («Merw») we Ilýa Tamurkiniň («Arkadag») geçiren gollary bar.

Iň köp ses alan futbolçy «Iň owadan gol» atly baýraga mynasyp bolar.

Federasiýa mundan beýläk milli çempionatyň we Kubok ýaryşynyň her bir tapgyryndan soň şeýle ses berlişikleri geçirmegi meýilleşdirýär.