AŞGABAT ŞÄHER HÄKIMLIGINIŇ
OLIMPIÝA ŞÄHERJIGINI
DOLANDYRYŞ MÜDIRLIGI

30.08.2024

Türkmenistanly ýaş erkin göreşçiler Ispaniýada geçiriljek dünýä çempionatyna taýýarlyk görýär

2-nji sentýabrda Ispaniýanyň Pontewedra şäherinde erkin göreş boýunça ýaşlaryň arasyndaky dünýä çempionaty geçiriler. Oňa 20 ýaşa çenli türkmenistanly türgenleriň altysy gatnaşar.

Türkmen ýygyndysynda Käbe Mätjanow (57 kiograma çenli agram derejesinde), Amir Hamaýun (61 kilograma çenli), Kakamyrat Aşyrow (74 kilograma çenli), Alp Arslan Begenjow (79 kilograma çenli), Döwletgeldi Myradow (86 kilograma çenli) we Soltan Sanjar Begenjow (92 kilograma çenli) dagylar bar.

Dünýä çempionatynda grek-rim göreşi we zenan göreşi boýunça hem ýaryşlar geçiriler. Medallaryň 30 toplumy gowşuryljak çempionatda erkin göreş boýunça ýeňijiler 6 ― 8-nji sentýabr aralygynda belli bolar.