AŞGABAT ŞÄHER HÄKIMLIGINIŇ
OLIMPIÝA ŞÄHERJIGINI
DOLANDYRYŞ MÜDIRLIGI

30.08.2024

Türkmenistanly kýörlingçiler Norwegiýada geçirilen okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna gatnaşdylar

Türkmenistanly ýaş kýörlingçileriň dördüsi bu sportuň ýurtdaky taryhynda ilkinji gezek ýakynda Norwegiýanyň Lillehemmer şäherinde geçirilen okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna gatnaşyp geldiler. Baş tälimçi Sakina Gulamalyýewanyň ýolbaşçylygyndaky heniz 16 ýaşyna-da ýetmedik türgenler 13 döwletiň wekilleri bilen bilelikde türgenleşdiler.

Ýygnanyşygyň maksatnamasyna halkara derejeli hünärmenleriň ýolbaşçylygyndaky türgenleşikler bilen bilelikde özara ýaryşlar hem girizildi. Ýygnanyşygyň dowamynda türkmen türgenleri tejribesini kämilleşdirmek bilen bir wagtda özleriniň gysga wagtyň içinde kämilligiň ilkinji basgançaklary bilen öňe ilerländigini görkezdiler. Hususan-da, türkmenistanly türgen Aýşa Geldimyradowa aýratyn ukyp-başarnyklary üçin okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny guraýjylaryň ýörite baýragyna mynasyp boldy.

Şeýle-de halkara derejeli hünärmenler iki aýagy bilen hem sazlaşykly hereket edip bilýän türkmenistanly türgen Selim Baýramowyň ukyplaryna ýokary baha berdiler. Kýörling bilen täzelikde meşgullanyp başlandyklaryna garamazdan, okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň çäginde geçirilen ýoldaşlyk duşuşygynda türkmenistanly türgenler Mongoliýanyň ýygyndysyny 2:1 hasabynda ýeňdiler.

Okuw-türgenleşik ýygnanyşygy türkmen türgenleri üçin şu ýylyň güýzünde Finlýandiýada ýaşlaryň arasynda geçiriljek dünýä çempionatyna taýýarlygyň möhüm tapgyry boldy. Türkmenistanyň Kýörling federasiýasy dünýä çempionatynyň «B» dwizionyna ýurduň zenanlar ýygyndysy bilen gatnaşmagy meýilleşdirýär.