AŞGABAT ŞÄHER HÄKIMLIGINIŇ
OLIMPIÝA ŞÄHERJIGINI
DOLANDYRYŞ MÜDIRLIGI

06.09.2024

Türkmenistanyň milli futbol ýygyndysynyň baş tälimçisi Portugaliýada iş tejribeligini geçýär

Türkmenistanyň milli futbol ýygyndysynyň baş tälimçisi Mergen Orazow Portugaliýanyň baş tälimçisi Robert Martinez bilen iş tejribeligini geçmek üçin Lissabona geldi. Ozal habar berlişi ýaly, bu mümkinçilik TFF, AFK we UEFA guramalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijesidir.

Orazow Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň türgenleşigine gatnaşar, tälimçiler topary bilen söhbetdeş bolar we geljekki iki oýna görülýän taýýarlyk işlerine syn etmäge mümkinçilik alar. Ol eýýäm Martinez bilen duşuşdy we milli ýygyndynyň türgenleşigine gatnaşdy.

Portugaliýa 5-nji sentýabrda UEFA Milletler ligasynyň ilkinji tapgyryny Horwatiýanyň ýygyndysy bilen oýnamak bilen başlaýar. Orazowyň iş tejribeligi Lissabonda 10-njy sentýabra çenli dowam eder we portugaliýalylaryň Şotlandiýanyň ýygyndysyny kabul etjek Milletler ligasynyň ikinji tapgyrynyň oýnuna gatnaşmaga hem ýetişer.

36 ýaşly Mergen Orazowyň 2027-nji ýylda geçiriljek Aziýa kubogynyň saýlama oýunlaryna Türkmenistanyň milli ýygyndysyny taýýarlajakdygyny bellemelidiris. Saýlama ýaryşynda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň garşydaşlary şu ýylyň güýzünde geçiriljek bije atmagyň netijelerine görä belli bolar, saýlama oýunlaryň birinji tapgyrynyň duşuşyklaryna bolsa 2025-nji ýylyň ýazynda badalga berler.