Türkmen futbolynyň täze gözýetimleri: Mergen Orazowyň Portugaliýadaky iş tejribeliginiň netijeleri
Türkmenistanyň milli futbol ýygyndysynyň baş tälimçisi Mergen Orazow ýakynda Portugaliýadan gaýdyp geldi, ol bu ýurtda iş tejribesini kämilleşdirmek maksady bilen saparda boldy. Bu sapar türkmen futbolynyň ösüşi üçin täze mümkinçilikleri açdy hem-de örän wajyp hem peýdaly boldy.
Mergen Orazowyň iş tejribelik meýilnamasy mazmuna baý hem örän netijeli boldy. Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Portugaliýanyň Futbol federasiýasynyň tehniki direktory Joze Kouseýru bilen duşuşyp, liganyň gurluşy we ýaş zehinleri ösdürmegiň usullary barada pikir alyşdy. Mundan başga-da, oňa Portugaliýanyň Futbol akademiýasyna baryp görmek miýesser etdi, ol ýerde Mergen Orazowy ýokary derejeli tälimçileri taýýarlamagyň ösen ulgamy bilen tanyşdyrdylar.
Iş tejribeliginiň esasy pursatlary Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Roberto Martines bilen geçirilen iki duşuşyk boldy. Mergen Orazow milli ýygyndynyň oýunlara taýýarlyk görşüni synlamak, şeýle hem oýunlaryň jikme-jik derňelişine gatnaşmak üçin ajaýyp mümkinçilik aldy.
Portugaliýada alnan tejribe: Türkmenistanda ulanylyp bilnermi
Gürrüňdeşlikde Mergen Orazow portugal futbolynyň Türkmenistanda uýgunlaşdyrylyp bilinjek birnäçe tarapyna ünsi çekdi. Ýurdumyzyň milli futbol ýygyndysynyň baş tälimçisi olaryň arasyndan bäş ball bilen oýunçylara baha bermek ulgamyny belledi, bu bahalandyrma diňe bir sport görkezijileri däl, eýsem futbolçynyň özüni alyp barşy hem girýär – diýip, ol sözüniň üstüne goşdy. «Bu ýaşyryn edilýär. Ähli kriteriýalar boýunça bäşlik alan oýunçy, eger şikes ýetmedik bolsa, gönümel dalaşgärleriň sanawyna goşulýar» – diýdi.
Orazow şeýle hem ýaş oýunçylary ösdürmek we oýunlardan ozal geçirilýän seljerme işine toparlaýyn çemeleşmek üçin ýurdumyzyň milli ýygyndysyna olary çekmegiň tejribesini belläp geçdi. «Bu taktiki taraplary jikme-jik öwrenmäge mümkinçilik berýär» –diýip, ol nygtady.
Türkmen futbolyny ösdürmegiň meýilnamalary
Iş sapary mahaly alnan tejribä esaslanyp, Orazow milli ýygyndynyň taýýarlanyşynda birnäçe üýtgeşmeleri girizmegi meýilleşdirýär. «Milli ýygynda kabul ediljek täze dalaşgärleri synamak üçin noýabr aýynda ýapyk gapylaryň aňyrsynda türgenleşik ýygnanyşyklaryny we ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirmek meýilleşdirilýär» – diýip, tälimçi gürrüň berdi. — Şunda ýaş oýunçylara aýratyn üns berler.
Ýygyndynyň ýakyn wagtdaky maksady — 2027-nji ýyldaky Aziýa kubogynyň saýlama ýaryşynda üstünlikli çykyş etmekdir. «Biziň maksadymyz Aziýa çempionatynyň jemleýji tapgyryna çykmak» – diýip, Orazow belledi.
Türkmenistanyň Futbol federasiýasynda täze giriziljek kadalar
Milli ýygyndydaky işler bilen bir hatarda Türkmenistanyň Futbol federasiýasynda işjeň döwrebaplaşdyrma işleri alnyp barylýar. Federasiýanyň tertipnamasyna üýtgetmeler girizilýär, Ýokary liganyň we Türkmenistanyň kubogynyň oýunlarynyň wideoarhiwi döredilýär. «Birek-biregi öwrenip, oýunlara taýýarlyk görmekleri üçin klublar ähli oýunlaryň wideolary bilen üpjün edilýär» – diýip, ýurdumyzyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi gürrüň berdi.
Federasiýa türkmen oýunçylaryny tanatmak üçin halkara platformalary bilen hyzmatdaşlyk etmegi meýilleşdirýär. «Bu oýunçylarymyza güýçli çempionatlaryň klublarynda çykyş etmäge ýardam berer, ol bolsa, öz gezeginde, futbolymyzyň derejesini has-da ýokarlandyrar» – diýip, Orazow bu babatda öz pikirini beýan etdi.
Uzak möhletleýin ösüş strategiýasy
Türkmenistanyň Futbol federasiýasy oýunçylary taýýarlamagyň toplumlaýyn ulgamyny işläp taýýarlaýar, ol akademiýadan başlap, ýokary derejede tamamlanmalydyr. Şunda üç derejeli ulgam: Ýokary liga, dublirleýji — ýaşlar ligasy we Birinji liga döretmek meýilleşdirilýär.
«Esasy maksat oýunçyny 17 ýaşyna çenli akademiýada tälim bermekdir, şondan soň onuň öňünde üç ýol açylar: eger ol zehinli hem fiziki taýdan taýýar bolsa, gönümel Ýokary liga gidip biler, dublirleýji–ýaşlar ligasynda ýa-da Birinji liga çykyş edip biler» – diýip, Mergen Orazow gürrüň bermek bilen, öz pikirini beýan etdi.
Şeýle hem türkmen tälimçilerini taýýarlamak we kämilleşdirmek maksady bilen portugaliýaly bilermenleri çagyrmak mümkinçiligi göz öňünde tutulýar.
Roberto Martines bilen duşuşyk: täsirler we geljek üçin mümkinçilikler
Roberto Martinesiň tejribelerini paýlaşmaga we alnyp barylýan işleriň ählisi babatda görkezen aç-açanlygy Orazowda uly täsir galdyrýar. «Hiç hili syr ýok, hiç hili päsgelçilik ýok – hemmeler paýlaşmaga-da, kömek etmäge-de taýýar» – diýip, türkmen tälimçisi gürrüň berdi.
Saparyň dowamynda Türkmenistanyň hem-de Portugaliýanyň Futbol federasiýalarynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda ähtnama gol çekmegiň mümkinçilikleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Portugaliýaly futbol hünärmenleri türkmen futbolynyň mümkinçiliklerine ýokary baha berendikleri bellärliklidir, olar esasan hem ýurdumyzyň ýaşlar ýygyndysynyň Uelse garşy oýnuny (2:2) görüp, muňa oňyn baha berdiler.
Mergen Orazowyň Portugaliýa amala aşyran iş tejribelik sapary türkmen futboly üçin täze mümkinçilikleri açýar. Halkara futbolynda bar bolan öňdebaryjy tejribäniň ornaşdyrylmagy, oýunçylar we tälimçiler üçin okuw-türgenleşik ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy, şeýle hem halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi — bularyň barysy ýakyn ýyllarda Türkmenistanda futbolyň ösüşinde ýokary hilli özgerişiň boljakdygyna umyt döredýär.