AŞGABAT ŞÄHER HÄKIMLIGINIŇ
OLIMPIÝA ŞÄHERJIGINI
DOLANDYRYŞ MÜDIRLIGI

19.09.2024

De Rossi «Roma» toparynyň baş tälimçisi wezipesinden boşadyldy

«Roma» futbol kluby Daniýe De Rossiniň baş tälimçi wezipesinden gidendigini yglan etdi. Klubyň ýolbaşçylary Italiýanyň çempionatynyň ilkinji dört tapgyrynda topar bary-ýogy 3 utuk gazanyp, ýaryş tertibiniň 16-njy ornunda ýerleşenden soň bu karara geldiler diýip, TASS habar berýär.

Klubyň resmi beýanatynda topary islenýän ösüş ýoluna getirmek maksady bilen bu kararyň toparyň bähbidine kabul edilendigi aýdylýar. «Roma» De Rossiniň soňky aýlardaky zähmeti, höwesi we yhlasy üçin oňa minnetdarlyk bildirdi.

41 ýaşly De Rossi «Roma» toparynyň baş tälimçisi wezipesini ýakynda, şu ýylyň 16-njy ýanwarynda kabul edipdi. Ol bu wezipede portugaliýaly hünärmen Žoze Mourinýonyň ornuny aldy.

Tälimçilik karýerasyna başlamazdan ozal De Rossi «Roma» toparynyň eýýäm rowaýata öwrülen oýunçysydy. Ol 2002-nji ýyldan 2019-njy ýyla çenli klubda çykyş edip, 616 oýunda 63 pökgi geçirdi we 60 netijeli pas berdi. Topar bilen bilelikde iki gezek Italiýanyň Kubogyny we bir gezek ýurduň Superkubogyny gazandy.

De Rossi, şeýle hem, Italiýanyň milli ýygyndysynda baý tejribe toplap, 117 oýunda çykyş etdi, 21 gol geçirip, 5 netijeli pas berdi. Milli ýygyndy bilen onuň gazanan esasy üstünligi 2006-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň ýeňşidir.