AŞGABAT ŞÄHER HÄKIMLIGINIŇ
OLIMPIÝA ŞÄHERJIGINI
DOLANDYRYŞ MÜDIRLIGI

20.09.2024

Türkmen milli ýygyndysy FIFA reýtinginde öz ornuny ýokarlandyrdy

Halkara Futbol Federasiýasy (FIFA) milli ýygyndylaryň reýtingini täzeledi. Turkmenistan iki basgançak ýokary galyp, häzir 142-nji orny eýeleýär.

Reýtingiň liderleri henizem dünýä çempionlary bolan Argentina ýygyndysy. Ikinji orunda Fransiýa ýygyndysy, üçünji orunda bolsa Ispaniýa topary durýar.

Aziýa reýtinginde Ýaponiýa topary liderlik edýär, ondan soň Eýran, Koreýa Respublikasy, Awstraliýa we Katar gelýär.