AŞGABAT ŞÄHER HÄKIMLIGINIŇ
OLIMPIÝA ŞÄHERJIGINI
DOLANDYRYŞ MÜDIRLIGI

26.09.2024

Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy Aziýa kubogyna saýlama ýaryşda ýeňliş bilen başlady

20 ýaşlylar üçin Türkmenistanyň ýaşlar futbol ýygyndysy Aziýa kubogy-2025 saýlama tapgyrynyň ilkinji oýnunda Ýaponiýanyň ýaşlar ýygyndysyna utuldy.

Türkmenistanyň ýygyndysy Mýanma, Ýaponiýa we ýaryşyň eýesi bolan Gyrgyzystanyň toparlary bilen bilelikde "I" toparyna düşdi.

Ilkinji oýunda Türkmenistan Ýaponiýa bilen duşuşdy. Oýun türkmenleriň 0:2 hasaby bilen ýeňlişi bilen tamamlandy. Ýeňijileriň düzüminde hüjümçi Soma Kanda iki gol geçirdi.

Türkmenistan ýaryşdaky indiki oýnuny 27-nji sentýabrda Gyrgyzystana garşy geçirer. Türkmenler üçin saýlama ýaryş 29-njy sentýabrda Mýanma garşy oýun bilen tamamlanar.