AŞGABAT ŞÄHER HÄKIMLIGINIŇ
OLIMPIÝA ŞÄHERJIGINI
DOLANDYRYŞ MÜDIRLIGI

16.10.2024

Türkmen eminleri AFK Çagyryş Ligasynyň oýunlaryna gatnaşarlar

Üç türkmen futbol emini AFK Çagyryş Ligasy toparynyň "A" toparynyň oýunlaryny dolandyrjak eminleriň sanawyna girizildi. Resul Mämmedow baş emin, Pälwan Pälwanow we Ahmet Begnazarow kömekçi eminler hökmünde bellenildi diýip, Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy habar berýär.

"A" toparynyň oýunlary 23-nji oktýabrdan 2-nji noýabra çenli Butanda geçiriler. Bu ýaryşa dört topar gatnaşar: Hindistanyň "East Bengal", Liwanyň "Nejmeh", Bangladeşiň "Bashundhara Kings" we ýerli "Paro" kluby.

Türkmen hünärmenlerinden başga-da, bu toparyň oýunlaryny dolandyrmak üçin Bahreýnden, Hytaýdan, Iordaniýadan we Taýlanddan eminler çagyryldy.