AŞGABAT ŞÄHER HÄKIMLIGINIŇ
OLIMPIÝA ŞÄHERJIGINI
DOLANDYRYŞ MÜDIRLIGI

17.10.2024

"Altyn Asyr" AFK-2 Çempionlar Ligasy oýnundan öň dostluk oýnunda ýeňiş gazandy

Aşgabat şäheriniň "Altyn Asyr" futbol kluby Dubaýda (BAE) geçirilen dostluk oýnunda "Al-Hamriýa" toparyny 3:2 hasaby bilen ýeňdi. Bu oýun türkmen toparynyň AFK-2 Çempionlar Ligasy üçünji tapgyrynyň öňüsyrasyndaky taýýarlygynyň bir bölegi boldy diýip, FFT habar berýär.

Baş tälimçi Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtleri möhüm ýaryşyna taýýarlyk görmek üçin Birleşen Arap Emirliklerinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygynda. "Altyn Asyryň" AFK-2 Çempionlar Ligasyndaky indiki oýny 23-nji oktýabrda Saud Arabystanynda geçiriler. Olaryň garşydaşy Buraýda şäheriniň "Al-Taawun" kluby bolar.

Oýun "King Abdullah Sport City" stadionynda geçirilip, Aşgabat wagty bilen 23:00-da başlar.

Iki tapgyrdan soň B toparçasynda "Air Force" (6 utuk) öňde barýar, onuň yzysüre "Al-Taawun" (3) we "Al-Haldia" (3) gelýär, "Altyn Asyr" (0) bolsa ýaryş tertibiniň ahyrynda ýerleşýär.