AŞGABAT ŞÄHER HÄKIMLIGINIŇ
OLIMPIÝA ŞÄHERJIGINI
DOLANDYRYŞ MÜDIRLIGI

21.10.2024

Türkmenistan Aziýada tennisi ösdürmekde lider hökmünde ykrar edildi

Gonkongda geçirilen Aziýanyň tennis Federasiýasynyň (ATF) Baş assambleýasynda Türkmenistanyň Tennis Federasiýasy Aziýada iň dinamiki ösýän guramalaryň biri hökmünde ykrar edildi diýip, “Türkmenistan: Altyn asyr” neşiri habar berýär.

ATF-nyň prezidenti Ýuriý Polskiniň guramanyň 60 ýyllygyna bagyşlanan çäräniň dowamynda Türkmenistanyň federasiýasynyň başlygy Eziz Döwletowa ýadygärlik kubogyny gowşurdy.

2023-nji ýylyň iýun aýynda Aşgabatda 12 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda Merkezi Aziýanyň toparlaýyn çempionatynyň üstünlikli geçirilendigi aýratyn bellenildi. Sebitdäki alty ýurduň toparlarynyň gatnaşan ýaryşy ATF ýolbaşçylygy tarapyndan tennis ýaryşlaryny guramagyň nusgawy mysaly hökmünde ykrar edildi.

ATF-nyň wise-prezidenti wezipesini hem eýeleýän Eziz Döwletow federasiýanyň Direktorlar geňeşiniň mejlisine gatnaşyp, Aziýa sebitinde tennis sportuny ösdürmegiň geljegi we guramanyň 45 agza ýurduny birleşdirýän geljekki ýaryşlary geçirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdy.