
25.10.2024
Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy Aziýa kubogynyň birinji saýlama tapgyrynda Taýlandan utuldy
Türkmenistanyň 17 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndysy Aziýa kubogynyň 2025-nji ýyldaky saýlama tapgyrynyň birinji tapgyrynda Taýlandyň ýygyndysyndan utuldy. Duşuşyk Çonburi şäherinde bolup, meýdan eýeleriniň peýdasyna 2:0 hasaby bilen tamamlandy.
Ýatladyp geçsek, baş tälimçi Ahmet Allaberdiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy Hindistan we Bruneý toparlarynyň hem giren "D" toparynda çykyş edýär.
Indiki tapgyrda Türkmenistanyň ýygyndysy 25-nji oktýabrda Hindistan topary bilen duşuşar.