
25.10.2024
Türkmenistanly türgenler dünýä çempionatynda dört bürünç medal gazandylar
Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň türgenleri Özbegistanyň Buhara şäherinde geçirilen dünýä çempionatynda dört bürünç medal gazandylar.
Bäsleşiklere 34 ýurtdan 300-den gowrak türgen gatnaşdy we Türkmenistan dokuz türgen bilen wekilçilik etdi.
Türkmen toparynyň düzüminde bürünç medallara mynasyp bolanlar: Toýly Bazarow (57 kg çenli), Hajyyslam Garabekow (67 kg çenli), Süleýman Allaýew (73 kg çenli) we Kasym Ýazmyradow (86 kg çenli).