AŞGABAT ŞÄHER HÄKIMLIGINIŇ
OLIMPIÝA ŞÄHERJIGINI
DOLANDYRYŞ MÜDIRLIGI

22.01.2024

Pariž Olimpiýa oýunlaryna taýýarlyk ― türkmen türgenleriniň 2024-nji ýyldaky esasy maksady bolar

Türkmenistanda bedenterbiýäni, sporty, Olimpiýa hereketini ösdürmäge, ussat türgenleri taýýarlamaga, ýaşlaryň sagdyn, berk bedenli bolmagyny, sport bilen meşgullanmaklaryny gazanmaga mundan beýläk-de aýratyn ähmiýet berler.

Bu barada wise-premýer N.Amannepesow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň geçen hepdäniň anna gününde geçirilen mejlisinde döwlet Baştutanyny ynandyrdy.

Hasabatda aýdylyşy ýaly, şu ýylda Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa we XVII tomusky Paralimpiýa oýunlaryna Türkmenistanyň ýygyndy toparlaryny taýýarlamak boýunça işler dowam etdiriler.

Olimpiýa oýunlarynyň şu ýylyň 26-njy iýulyndan 11-nji awgustyna çenli Fransiýanyň Pariž şäherinde geçiriljekdigini ýatladýarys. Onda 206 milli olimpiýa ýygyndylarynyň wekilleri sportuň 32 görnüşi boýunça medallaryň 329 toplumy üçin göreşerler.