Saglyk ýolundaky dabara
2024-nji ýylyň 24-nji maýynda Aşgabat şäherinde ýokary guramaçylyk derejede geçirilen GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň degişli Çözgüdine laýyklykda, Aşgabat şäheri «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edildi, şeýle-de şu ýylyň 6-njy sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnama kabul edildi. 2-nji noýabrda bu möhüm Kararnamanyň hormatyna gözel Köpetdagyň gerşinden geçýän Saglyk ýoluna hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda köpçülikleýin ýöriş geçirildi.
Şol gün Saglyk ýolunyň düşülýän ýerinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň dowamynda dünýä, yklym we sebit derejelerde geçirilen halkara sport ýaryşlaryna gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolan Türkmenistanyň ýygyndysynyň türgenlerini we olaryň tälimçilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.
Köp sanly gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalarynyň astynda halkara ýaryşlarynda ýeňiji bolan Türkmenistanyň ýygyndysynyň türgenlerine we olaryň tälimçilerine hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Dabaranyň ahyrynda Saglyk ýoluna köpçülikleýin ýörişe, Saglyk ýoluny ylgap geçmek boýunça ýaryşa we halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan Türkmenistanyň ýygyndysynyň türgenlerini we olaryň tälimçilerini sylaglamak dabarasyna gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan döwletli başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.