Türkmenistanyň samboçylary Astanada geçirilen dünýä çempionatynda alty medal gazandylar.
Türkmenistanyň samboçylary Astanada şäherinde geçirilen 49-njy sambo boýunça dünýä çempionatynda alty medal gazandylar
Gazagystanda geçirilen uly ýaryşda 311 000 ABŞ dollary möçberinde baýrak gaznasy bolup, dünýäniň 80 ýurdundan 470 töweregi türgen gatnaşdy. Olar erkekler we zenanlar arasynda sport we söweş sambo boýunça, şeýle hem SVI-1 (doly kör türgenler) synpynda kör erkekler üçin sambo boýunça 31 sany medal toplumy üçin bäsleşdiler.
Üç gün dowam eden ýaryşlaryň netijesinde türkmen samboçylary 1 altyn, 2 kümüş we 3 bürünç medal gazandylar.
Çempionatyň birinji gününde Ak bugdaý etrabynyň Baş sport we bedenterbiýe müdirliginiň sport mekdebiniň tälimçi-mugallymy Zarina Abdyrahmanowa (54 kg agram derejesi) we Türkmenistanyň Milli söweş sungat federasiýasynyň türgeni Gülzada Jorakuliýewa (72 kg çenli) söweş sambosynda iki sany bürünç medal gazandylar.
Ikinji ýaryş gününde 26 ýaşly sport ussady Muminjan Arzykulyýew altyn medal gazandy. Ol 71 kg agram derejesinde söweş sambosynda dünýä çempiony boldy, bu agram derejesinde 24 türgen medal üçin bäsleşdi. M.Arzykulyýew sport bilen işjeň meşgullanýar we şol bir wagtda 5-nji sport mekdebinde sambo tälimçisi wezipesi işleýär.
Dünýä çempionatynyň soňky gününde Türkmenistanyň toparynyň gaznasy ýene iki kümüş we bir bürünç medal bilen doldy.
Kümüş medal gazananlar: Lebap welaýatynyň Baş sport we bedenterbiýe müdirliginiň Çärjew etrabynyň 1-nji sport mekdebiniň tälimçi-mugallymy Bägül Nurýewa (50 kg çenli söweş sambo) we Lebap welaýatynyň Baş sport we bedenterbiýe müdirliginiň Dänew etrabynyň tälimçi-mugallymy Sabina Agajanowa (80 kg-dan ýokary söweş sambo). Bürünç medal gazanan bolsa Lebap welaýatynyň Baş sport we bedenterbiýe müdirliginiň Çärjew etrabynyň 3-nji sport mekdebiniň tälimçi-mugallymy Kambar Umarow (71 kg çenli sport sambo).
Indiki, 50-nji sambo boýunça dünýä çempionaty 2025-nji ýylda Aşgabatda geçiriler.