AŞGABAT ŞÄHER HÄKIMLIGINIŇ
OLIMPIÝA ŞÄHERJIGINI
DOLANDYRYŞ MÜDIRLIGI

17.02.2024

Aşgabatda diplomatlaryň arasynda sport ýaryşlaryna badalga berildi

Aşgabatda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli sport ýaryşlaryna badalga berildi. Oňa ýurduň Daşary işler ministrliginiň işgärleri, daşary ýurt diplomatik wekilhanalarynyň we Türkmenistanda akkreditlenen halkara guramalarynyň wekilleri gatnaşýarlar. Bu barada CentralAsia.news saýty habar berdi.

Bäsleşikler Aşgabat şäheriniň Olimpiýa şäherçesinde geçirilýär. Olarda diplomatlar woleýbol, stol tennisi, kiçi futbol we bouling boýunça ýaryşýarlar.

Bu bäslerşikler barada pikir bildiren Täjigistanyň Türkmenistandaky ilçisi Vafo Niýatbekzoda olaryň dostlugy, halkara gatnaşyklarynyň üstünlikli ösmegi üçin esas bolup durýandygyny aýtdy.

«Kiçi futbol ýaryşynda dürli ýurtlaryň garyşyk toparlary bäsleşdiler. Netijede, dostluk ýeňiş gazandy. Dostluk dünýäde üstünlikleriň we parahatçylygyň açarydyr» diýip, täjik diplomaty nygtady.