AŞGABAT ŞÄHER HÄKIMLIGINIŇ
OLIMPIÝA ŞÄHERJIGINI
DOLANDYRYŞ MÜDIRLIGI

28.03.2024

ITF-yň Prezidenti Türkmenistanyň tennis boýunça başarnyklaryna ýokary baha berdi.

Halkara tennis federasiýasynyň (ITF) prezidenti David Haggerty Aşgabatda saparynda, Türkmenistanyň tennis başarnyklaryna we bu sportuň ýurtda ösmeginiň geljegine ýokary baha berdi.

Haggerty-nyň aýtmagyça, saparynyň maksady Türkmenistanda tennis ösdürmegiň we berkitmegiň ýollaryny işläp düzmekdi. Tennis infrastrukturasynyň, ýagny tennis meýdançalarynyň, tälimçileriň we türgenleriniň ýokary derejesini  belläp, ýurtda tennisiň mundan beýläk-de ösmegi üçin indiki ädim ätmegiň zerurdygyny aýtdy.

“Olimpiýa şäherçesinde tennis üçin ajaýyp şertler bar. Şeýle ajaýyp sport desgalarynyň esasynda tennisi diňe  ýurduň içindäki ornuny berkitmek bilen çäklenmän, eýsem dünýä derejesinde meşhurlyk gazanmak üçin halkara ýaryşlaryny hem geçirip boljakdygyna ynanýaryn "- diýip Haggerty aýtdy.

Ol geçen ýyl Türkmenistanda 12 ýaşa ýetmedik oglan-gyzlaryň arasynda Merkezi Aziýa tennis çempionatynyň üstünlikli guralandygyny ýatlatdy, bu ýurduň ýokary derejeli ýaryşlary geçirmekdäki mümkinçiliklerini görkezdi. ITF-iň başlygy Türkmenistanda has köp tennis çäresini geçirmek, dünýäniň öňdebaryjy tennisçileriniň ünsüni çekimek bilen olaryň ýerli oýunçylara goldaw getirjekdigini belledi.

Saparyň dowamynda David Haggerty Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşdy we Türkmenistanyň ýolbaşçysyna ITF şahadatnamasyny gowşurdy.

Nowak Jokowiç ýa-da Rafael Nadal ýaly dünýä tennis ýyldyzlarynyň Türkmenistanda oýnamak mümkinçiligi baradaky soraga Haggerty: “Iň ýokary derejeli halkara ýaryşlary geçirilse, elbetde bu mümkin. Dünýäniň iň gowy oýunçylaryny özüne çekip biljek saýlama ýaryşlary guramak üçin ähli zerur infrastruktura bar. Türkmenistan uly tennis başarnygyna we zehinli oýunçylaryna eýe ýurt. "-diýdi.