
Türkmenistanyň Prezidenti köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 7-nji aprelde ýurtda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy. Ýöriş Aşgabadyň günorta böleginde — Köpetdagyň ajaýyp dag etegi boýunça uzaýan Saglyk ýolunyň başlanýan ýerinde badalga aldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi ýazýar.
Bellenilişi ýaly, welosipedli ýörişe Hökümet agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, Aşgabat şäheriniň häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, Mejlisiň wekilleri, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr işgärleri, Döwletliler köşgünde terbiýelenýänler, Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan mekdebiň hem-de umumybilim berýän mekdepleriň okuwçylary, welosport boýunça Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň türgenleri, talyplar, jemgyýetçilik wekilleri gatnaşdylar.
Ir bilen hemmeler uly ruhubelentlikde Prezident Serdar Berdimuhamedowy mübäreklediler. Sungat ussatlary Bütindünýä saglyk güni mynasybetli ajaýyp aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirdiler.
Döwlet Baştutany köpçülikleýin welosipedli ýörişe badalga berip, oňa gatnaşyjylaryň hatarynyň öňüni çekdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň göreldesine eýerip, dabara gatnaşyjylaryň ählisi Saglyk ýolunyň ýanyndan Aşgabadyň giň şaýollary boýunça uzaýan ugur bilen sazlaşykly hereket edip başladylar.
Welosipedli ýörişiň dowamynda döwlet Baştutany Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewe ýurtda ekologik abadançylygy mundan beýläk-de gowulandyrmak hem-de tokaý zolaklaryny yzygiderli giňeltmek maksady bilen toplumlaýyn we uzak möhletleýin wezipeleri öz içine alýan Milli tokaý maksatnamasynyň çäklerinde ýerine ýetirilýän işleriň barşyny hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şeýle-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Aşgabat şäherine gözegçilik edýän orunbasary B.Annamämmedowa paýtagty mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak, onuň ekologik abadançylygyny üpjün etmek, bagy-bossanlyga büremek, şäheriň ýaşaýjylarynyň sport we bedenterbiýe bilen meşgullanmaklary üçin amatly şertleri döretmek boýunça alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamak barada tabşyryklary berdi.
Welosipedli ýörişe gatnaşýanlaryň hatary Aşgabadyň ajaýyp ýollary — Arçabil we Bitarap Türkmenistan şaýollary boýunça hereketini dowam etdi.
Ýörişiň geçýän ýolunda döredijilik toparlarynyň ýerine ýetirmeginde ajaýyp kompozisiýalar ýaýbaňlandyryldy. Ýörişiň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti işjeň we sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermekde hemmelere görelde bolup, hemişe bolşy ýaly, ýokary beden hem-de sport taýýarlygyny görkezdi.
Bütindünýä saglyk güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýöriş şäheriň merkezi böleginde — Ruhyýet köşgüniň ýanynda tamamlandy. Döwlet Baştutany bu ýerde welosipedli ýörişe gatnaşyjylara ýüzlenip, halk köpçüligini, aýratyn-da, ýaşlary mundan beýläk-de bedenterbiýe, sport bilen yzygiderli meşgullanmaga çekmek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmek boýunça toplumlaýyn işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny nygtady. Şunda Türkmenistanyň Prezidenti sporty ösdürmegiň beden taýdan sagdyn, giň dünýägaraýyşly, maksada okgunly ýaş nesilleri kemala getirmegiň aýrylmaz bölegi bolup durýandygyna ünsi çekdi.
Ministrler Kabinetiniň agzalary ýurtda giňden bellenilýän Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentine hem-de Halk Maslahatynyň Başlygyna gutlaglaryny beýan etdiler.