
TMESF-iň baştutany Aziýanyň kibersport federasiýasynyň müdiriýetine girdi
Türkmenistanyň Milli elektron sport federasiýasynyň (TMESF) prezidenti Mekan Eýeberdiýew Aziýanyň kibersport federasiýasynyň (AESF) müdiriýetiniň düzümine girdi, şeýle-de Merkezi Aziýanyň kibersport birleşiginiň wise-prezidenti wezipesine saýlandy. Bu barada TMESF-iň saýtynda habar berilýär.
Onlaýn görnüşde geçirilen saýlawlar AESF-iň Birinji saýlaw Baş assambleýasynyň barşynda boldy. Çärelere Aziýa ýurtlarynyň milli kibersport federasiýalarynyň ýolbaşçylary, şeýle-de Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň (OCA) baş direktorynyň orunbasary Winod Tiwari gatnaşdy.
Mundan başga-da, 2025-nji ýylyň fewral aýynda sebitiň ýurtlarynyň sanly sporty ösdürmek boýunça tagallalaryny utgaşdyrmak maksady bilen, resmi taýdan Merkezi Aziýanyň kibersport birleşigi döredildi. Bu guramada geçirilen saýlawlaryň netijesinde TMESF-iň Baş sekretary Nazar Udeumyradow Birleşigiň Baş sekretary wezipesine bellendi.
TMESF-de aýtmaklaryna görä, bu bellenmeler Türkmenistanyň halkara kibersport jemgyýetiniň eýeleýän ornunyň pugtalandyrylýandygyny we sebitde, şeýle hem tutuş Aziýa derejesinde hyzmatdaşlyk, tejribe alyşmak we sport başlangyçlaryny ösdürmek üçin täze mümkinçilikleriň açylýandygyny görkezýär.