AŞGABAT ŞÄHER HÄKIMLIGINIŇ
OLIMPIÝA ŞÄHERJIGINI
DOLANDYRYŞ MÜDIRLIGI

03.04.2024

Ýagşymyradow – Nedo söweşine 10 günden az wagt galdy

Türkmen MMA türgeni Döwletjan Ýagşymyradow 12-nji aprelde Las Wegasda bolýan "PFL 2" turnirinde Sloweniýaly Jeýkob Nedo garşy söweşer.

Ýagşymyradow soňky söweşi 2023-nji ýylyň oktýabr aýynda "Bellator 300" turnirinde Maseý Rozanskiýe garşy bolupdy. Bu söweşde Döwletjan emin agzalarynyň karary esasynda ýeňiji diýip yglan edildi. Onuň hasabynda 21 ýeňiş, 7 ýeňiliş we 1 deňlik bar.

Nedonyň soňky söweşi 2023-nji ýylyň dekabr aýynda "PFL Europe 4" turnirinde Saýmon Pawele garşy bolupdy. Söweş iki round dowam edip Jeýkobyň nakauty bilen tamamlandy. Onuň hasabynda 8 ýeňiş we 1 ýeňiliş bar.