Türkmen gandbolçylary Daşkentdäki halkara ýaryşda ikinji orny eýelediler
Türkmenistanyň gandbol boýunça zenanlar ýygyndysy Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde geçirilen «IHF Nations Trophy — 2026» halkara ýaryşynda ikinji orny eýeläp, kümüş medala mynasyp boldular. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Halkara Gandbol federasiýasynyň guramagynda geçirilen ýaryşa Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Pakistanyň zenanlar ýygyndylary gatnaşdylar. Aziýanyň üçünji zolagynyň ýurtlaryny birleşdiren ýaryşda toparlar aýlaw usulynda güýç synanyşdylar. Türkmenistanyň ýygyndysy dört duşuşygyň üçüsini ýeňiş bilen tamamlap, hormat münberiniň ikinji basgançagyna çykdy.
Türkmenistanly gandbolçylar ilkinji duşuşykda Pakistanyň ýygyndysyny 38:19 hasabynda ýeňdiler. Ikinji duşuşykda bolsa gyrgyzystanly gandbolçylardan 47:18 hasabynda üstün çykdylar. Üçünji duşuşykda Täjigistanyň ýygyndysyny 40:14 hasabynda utdy. Şeýlelikde, türkmen gandbolçylary ilkinji üç duşuşykda garşydaşlarynyň derwezesinden 125 pökgi geçirdiler.
Ýaryşyň jemleri boýunça Türkmenistanyň ýygyndysy dört duşuşykda 141 pökgi geçirip, öz derwezesine 72 pökgi goýberdi. Şeýlelikde, pökgüleriň tapawudy 69-a deň boldy. Dört ýeňiş gazanan Özbegistan birinji, iki ýeňişli Pakistan üçünji orny eýeledi.