AŞGABAT ŞÄHER HÄKIMLIGINIŇ
OLIMPIÝA ŞÄHERJIGINI
DOLANDYRYŞ MÜDIRLIGI

18.11.2026

Türkmenistanyň agyr atletika boýunça ýygyndysy Özbegistanda halkara ýaryşlara taýýarlyk görýär

Türkmenistanyň agyr atletika boýunça milli ýygyndysy Özbegistan Respublikasynyň Çyrçyk şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçirýär. Türgenler tälimçileriň ýolbaşçylygynda fiziki, tehniki we taktiki taýýarlygyny ýokarlandyrmaga, şeýle hem halkara ýaryşlaryň öňüsyrasynda sport ussatlygyny kämilleşdirmäge gönükdirilen türgenleşikleri alyp barýarlar.

 

Okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryna zenan türgenlerden Anamjan Rustamowa, Medine Amanowa, Ogulşat Amanowa, Gülälek Kakamyradowa, Asal Kerimbaýewa, Zybagül Söýmüşowa, Şabnam Kerimbaýewa we Ogulgereк Amanowa, erkek türgenlerden bolsa Rejepbaý Rejepow, Babur Amangeldiýew, Gaýgysyz Töräýew, Galgan Rahmanow, Nurbek Azamatow, Şahzatbek Mätýakubow, Bektimur Reýimow we Hajymyrat Gylyçmyradow gatnaşýarlar. Ýygyndy toparyna baş tälimçi Meretguly Sähetmyradow ýolbaşçylyk edýär. Oňa tälimçiler Hojamuhammet Toýçyýew bilen Ömürbek Bazarbaýew kömek berýärler.

 

Bellenilişi ýaly, şeýle okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary türgenlere özara tejribe alyşmaga, türgenleşik işlerini kämilleşdirmäge we öňde boljak ýaryşlara düýpli taýýarlyk görmäge mümkinçilik berýär. Okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary ýokary derejede oňaýly şertlerde geçirilýär we ol 5-nji dekabra çenli dowam eder.