«Baýer» öz taryhynda ilkinji gezek Germaniýanyň çempiony boldy
Futbol boýunça Germaniýanyň çempionatynyň 29-njy tapgyrynda «Baýer» öz öýünde «Werderi» 5:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Oýunda hasaby 25-nji minutda penaltiden Wiktor Bonifase açdy. Granit Jaka 60-njy minutda ýer eýeleriniň üstünligini 2 gola çykardy. Soňra bolsa Florian Wirziň het-trigi (68, 83, 90) «Baýere» uly hasapdaky ýeňşi gazandyrdy.
Şeýlelikde, Lewerkuzen şäherine wekiliçilik edýän topar bu ýeňiş arkaly ähli turnirlerdäki ýeňlişsiz ýörişini 43 oýna ýetirdi. Habi Alonsodan tälim alýan topar bu möwsümde ýeňlişiň nämedigini bilmän gelýär. Klub şu möwsümde ähli turnirlerdäki 43 oýnuň 38-sinde ýeňiş gazandy we 5 gezek deň oýnady. Alonsonyň şägirtleri Germaniýanyň Kubogynyň finalyna çykmagy başardylar we Ýewropa ligasynda hem çärýek finalda göreşi dowam etdirýärler. Şeýlelikde, «Baýer» Ýewropanyň top-5 çempionatynyň arasynda iň uzyn ýeňlişsiz seriýa boýunça «Ýuwentusyň» rekordyny gaýtalady.
Habi Alonso 2022-nji ýylyň oktýabryndan bäri «Baýere» tälim berýär. Onuň topar bilen şertnamasy 2026-njy ýylyň tomsuna çenli niýetlenen. Maglumat üçin, bu çempionlyk ispaniýaly hünärmeniň tälimçilik karýerasyndaky ilkinji tituldyr.
«Baýer» 79 utuk bilen çempionatyň tamamlanmagyna 5 tapgyr galanda iň ýakyn garşydaşlary «Bawariýadan» we «Ştutgartdan» 16 utuk arany açyp, wagtyndan öň çempionlygy kepillendirdi. Bu üstünlik toparyň taryhyndaky ilkinji Germaniýanyň çempionlygydyr. «Baýer» şu wagta çenli 5 gezek çempionatda kümüş medala mynasyp bolupdy. Şeýle-de klubyň titullarynyň muzeýinde Germaniýanyň Kubogy (1992/93) we UEFA-nyň Kubogy (1987/88) bar.