AŞGABAT ŞÄHER HÄKIMLIGINIŇ
OLIMPIÝA ŞÄHERJIGINI
DOLANDYRYŞ MÜDIRLIGI

18.04.2024

Türkmen türgenleri halkara ýaşlar stol tennisi ýaryşynda kümüş medallara eýe boldular

Türkmen stol tennisi mekdebiniň okuwçylary Ilýas Allanazarow bilen Wepa Meredow 10-njy aprelden 17-nji aprel aralygynda Türkiýäniň Balikesir şäherinde 15 ýaşa çenli oglan we gyzlaryň arasynda geçirilen halkara ýaryşynda kümüş medal gazandylar.

Finalda türkmen türgenleri, 15 ýaşa çenli häzirki Ýewropa çempionlary bolan Türkiýeli tennisçiler Gerkem Okaldan we Kenan Eren Kahramandan 3:2 hasaby bilen ýeňildiler.

Bu ýaryşa Türkmenistanyň we Türkiýäniň wekillerinden başga-da Azerbaýjanyň, Demirgazyk Kipriň, Özbegistanyň, Gazagystanyň we Gyrgyzystanyň türgenleri gatnaşdy.

Aýratynda Ilýas Allanazarowyň 13 ýaşa çenli Ýewropa çempiony we 15 ýaşa çenli Türkiýe çempiony bolan Gerkem Oçaly ýeňip uly üstünlik görkezendigini bellep geçmek gerek.

Bäsleşige türkmen wekilleri hökmünde: Türkmenistanyň Stol tennis federasiýasynyň başlygy Agamurat Allanazarow, tälimçiler Dawud Ýakubow we Seýran Wolçemis, şeýle hem türgenler Ylýas Allanazarow, Wepa Meredow, Gözel Gylyjowa, Aýnur Berdiýewa, Dörtguly Allanazarow gatnaşdy. Bu sapar Türkmenistanyn Bedenterbiye we Sport baradaky Döwlet komitetiniň goldawy bilen gurnaldy.

Federasiýanyň başlygy Türkmenistanyň baýdagyny buýsanç bilen galdyran tennisçileriň üstünliklige ýokary baha berip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmen Halkynyň Milli lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň goldawy netijesinde ýurtda stol tennisiniň ösüşiniň dowam edýändigini aýtdy.

Agamurat Allanazarow: "Soňky ýyllarda ökde tälimçileriň sany we zehinli ýaş türgenleriň sany köpeldi. Gelejekde ol türgenleriň ýaryşlarda ýurdumyzy has-da beýgeltjekdigine ynanaýaryn" -diýdi.