AŞGABAT ŞÄHER HÄKIMLIGINIŇ
OLIMPIÝA ŞÄHERJIGINI
DOLANDYRYŞ MÜDIRLIGI

19.04.2024

Hokkeý boýunça halkara ýaryş: dördünji günüň netijeleri

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň «Galkan» hokkeý topary şu günler Aşgabat şäherinde geçirilýän halkara ýaryşyň finalyna çykmagy başaran ilkinji topar boldy. «Galkan» bu hukugy şu gün 4-nji tapgyrda Özbegistanyň «Feniks» toparyny uly hasap bilen ýeňenden soň gazandy.

Günüň birinji ýarymynda Gyşky oýunlar sport toplumynyň uly zalynda «Feniks» bilen duşuşan «Galkan» «A» toparçadaky esasy bäsdeşini 9:1 hasabynda ýeňip, toparçalaýyn tapgyrdaky duşuşyklarynyň ählisini hem ýeňiş bilen tamamlady. Bu ýeňişler «Galkanyň» utugyny 12-ä çykardy. Şu gün «Galkandan» asgyn gelen «Feniks» bolsa ertir ýeňiş gazanaýan-da hem 9 utuk bilen ikinji orny eýeläp, umumy ýaryşyň üçünji orny ugrundaky göreşe goşular.

Günüň beýleki duşuşyklarynda «Adihis-Kazan» «Wolaty» 5:3, «Ice Box» «Oman Nationals»-y 6:0, «Dordoý» bolsa «Team Turkiye» toparyny 4:2 hasabynda ýeňdi.

4-nji tapgyrdan soň «A» toparçada «Galkanyň» 12, «Feniks» bilen «Ice Box»-yň 6 utugy bar. Dört tapgyrda üç duuşykda geçiren «Bahreýn» we «Oman nationals» toparlary bolsa heniz utuk gazanyp bilmedi.

Bassyr üçünji duşuşygynda üç ýeňiş gazanan «Adihis-Kazan» «B» toparçada 9 utuk bilen ýaryşyň başyny çekýär. Kazandan gelen hokkeýçileriň finalda «Galkanyň» garşydaşy bolmak mümkinçiligi has ýokary.

6 utukly toparlardan «Wolat» ikinji, «Akmola» üçünji orny eýeleýär. Toparçada «Dordoýyň» 3 utugy bar. Halkara ýaryşdaky çykyşlaryny tamamlan «Team Turkiye» bolsa bir utuk hem gazanyp bilmedi.

Halkara ýaryşda toparçalaýyn tapgyryň jemleýji duşuşyklary ertir ― 19-njy aprelde geçiriler. 20-nji aprelde bolsa birinji, ikinji we üçünji orunlaryň eýelerini kesgitlejek duşuşyklar bolar. Bassyr dört duşuşyk geçiren «Galkan» ertir finalyň öňüsyrasynda dynç alar.

«Galkan» (Türkmenistan) ― «Feniks» (Özbegistan) ― 9:1.

Tapawutlananlar: Perhat Atekäýew (5 şaýba), Erkin Kakabaýew (2 şaýba), Baýmyrat Baýmyradow, Muhammetýar Nuryýew ― Daniel Kogan.

«Wolat» (Belarus) ― «Adihis-Kazan» (Tatarystan) ― 3:6.

Tapawutlananlar: Eduard Grinn (2 şaýba), Nikita Trubisin ― Adel Awzalow (3 şaýba), Aidar Miftahow, Nasser Subhi, Artur Zaripow.

«Oman Nationals» (Oman) ― «Ice Box» (Eýran) ― 0:6.

Tapawutlananlar: Arşiýa Gafuri, Matin Gaharzade (3 şaýba), Abdolfazi Eslami (2 şaýba).

«Team Turkiye» (Türkiýe) ― «Dordoý» (Gyrgyzystan) ― 2:4.

Tapawutlananlar: Ömer Güngör, Burhanettin Bakanogly ― Adil Bekmuratow, Žanbolot Tagaýew, Mamed Seýfulow (2 şaýba).