AŞGABAT ŞÄHER HÄKIMLIGINIŇ
OLIMPIÝA ŞÄHERJIGINI
DOLANDYRYŞ MÜDIRLIGI

20.04.2024

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi

19-njy aprelda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleriniň birnäçesine garaldy.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa milli kanunçylyk ulgamyny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow karz edaralarynyň hasaplaşyk-töleg ulgamlaryny yzygiderli kämilleşdirmek, sanly bank hyzmatlarynyň görnüşlerini artdyrmak boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow «Türkmengaz» döwlet konserni tarapyndan öndürilýän suwuklandyrylan gazy kabul edýän, saklaýan we ýükleýän desgalary döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda, şeýle hem ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň garamagyndaky zawodlaryň önümçilik ygtybarlylygyny gazanmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. «Marykarbamid» zawodynyň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak maksady bilen, ony önümçilikde ulanylýan çig mallar we himiki serişdeler, ätiýaçlyk şaýlary, enjamlar bilen yzygiderli üpjün etmek, göz öňünde tutulan tehniki kadalara laýyklykda bejermek, abatlamak boýunça zerur işler geçirilýär. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň düzümleriniň we halyçylyk kärhanalarynyň işini kämilleşdirmek, halyçylyk sungatyny giňden wagyz etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Daşary işler ministrliginiň wekiliýetiniň şu ýylyň 15-16-njy aprelinde Özbegistan Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi. Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan ulag-kommunikasiýa pudagyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi.

Soňra M.Çakyýew 15 — 19-njy aprel aralygynda paýtagtymyzda geçirilýän Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň (DÝHG) agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisiniň netijeleri barada hasabat berdi. Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisini jemläp, hemmelere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.