AŞGABAT ŞÄHER HÄKIMLIGINIŇ
OLIMPIÝA ŞÄHERJIGINI
DOLANDYRYŞ MÜDIRLIGI

21.04.2024

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa!

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

Sizi 2024-nji ýylyň 15-20-nji apreli aralygynda Aşgabat şäherinde hokkeý boýunça halkara ýaryşynyň üstünlikli geçirilmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýarys!

Siziň halklaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna, halkara sport hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine gönükdirilen başlangyçlaryňyzyň rowaç bolmagyny arzuw edýäris!

Hormatly Türkmenistanyň Prezidenti!

Türkmenistanda iri halkara sport çärelerini geçirmek üçin giň mümkinçilikler we ähli amatly şertler yzygiderli döredilýär, dünýä ölçeglerine laýyklykda döwrebap sport desgalary gurulýar. Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherjiginde halkara sport guramalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlykda sport äleminde uly abraý gazanan birnäçe halkara sport ýaryşlarynyň, şol sanda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň, Agyr atletika hem-de Kuraş boýunça dünýä çempionatlarynyň, sebitleýin halkara sport bäsleşikleriniň, şeýle hem «Amul – Hazar 2018» halkara awtorallisiniň üstünlikli geçirilmegi muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Şu hokkeý boýunça halkara ýaryşynyň hem döwrebap Gyşky oýunlar sport toplumynda ýokary guramaçylykly geçirilmegi Türkmenistanyň halkara sport abraýyny has-da belende göterjekdigine hem-de sport mekanyna öwürjekdigine, şeýle hem sportuň hokkeý görnüşiniň ösmegine uly goşant goşjakdygyna berk ynanýarys.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň sport mekanyna öwrülendigini göz öňünde tutup, ak mermerli Aşgabat şäheriniň Halkara Sport Paýtagty hökmünde, şol sanda Garaşsyz döwletleriň Arkalaşygy ýaly abraýly döwletara guramanyň çäginde yglan edilmegi örän ýerlikli boljakdygyna biz berk ynanýarys.

Hormatly Türkmenistanyň Prezidenti!

Güneşli türkmen topragynda bolýan günlerimizde biz Siziň goldaw-hemaýatlaryňyz bilen dostluk-doganlyk ruhunda ýokary guramaçylykly geçirilen ýaryşlaryň çäklerinde özümize bildirilen myhmansöýerlik hormatyndan çuňňur hoşal bolduk, ajaýyp ýurduňyzyň we halkyňyzyň hoşniýetli gatnaşyklary bizde ýatdan çykmajak uly täsir galdyrdy.

Hormatly Türkmenistanyň Prezidenti!

Siziň goldaw-hemaýatlaryňyz bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurduňyzda sportuň ösen milli ulgamyny döretmek, ilatyň saglygyny pugtalandyrmak, olimpiýa hereketini ösdürmek we halkara sport hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak babatynda alnyp barylýan giň gerimli işlere, dünýä derejesinde sportuň kämil we döwrebap maddy-enjamlaýyn üpjünçilik ulgamynyň döredilendigine, şeýle hem iri halkara ýaryşlaryny ýokary guramaçylykly geçirmekde toplanylan öňdebaryjy tejribä hem-de türkmen halkynyň myhmansöýerligine esaslanyp, biz Türkmenistanyň sport ugrunda durmuşa geçirýän syýasatynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan biragyzdan ykrar edilýändiginiň ýene-de bir ajaýyp subutnamasy bolýandygyny aýratyn belläsimiz gelýär.

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

Hokkeý boýunça halkara ýaryşyna gatnaşmakda beren goldaw-hemaýatlaryňyz, döredilen ähli şertler we mümkinçilikler, ýakymly myhmansöýerlik üçin Size köp sagbolsun aýdýarys.

Size berk jan saglyk, uzak ömür, halkara gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda alyp barýan uly tutumly işleriňiziň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris!

 

Sizi çuňňur hormatlamak bilen,

Hokkeý boýunça halkara ýaryşyna gatnaşyjylar:
Türkmenistanyň «Galkan» hokkeý toparynyň kapitany A.Gurbanow;
Bahreýn Patyşalygynyň «Bahrain Ice Hockey Club» hokkeý toparynyň kapitany S.T.H.Hegazi;
Belarus Respublikasynyň «Volat» hokkeý toparynyň kapitany P.Karakulka;
Eýran Yslam Respublikasynyň «Ice Box Iran Mall» hokkeý toparynyň kapitany S.F.Ghorab;
Gazagystan Respublikasynyň «Aqmola» hokkeý toparynyň kapitany A.Mambetaliýew;
Gyrgyz Respublikasynyň «Dordoi» hokkeý toparynyň kapitany E.Mirbekow;
Oman Patyşalygynyň «Oman Nationals» hokkeý toparynyň kapitany A.Al Lawati;
Özbegistan Respublikasynyň «Feniks» hokkeý toparynyň kapitany A.Nasirow;
Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň «ADIHIC – Kazan» hokkeý toparynyň kapitany A.Miftahow;
Türkiýe Respublikasynyň «Team – Türkiye» hokkeý toparynyň kapitany F.Taýgar.