AŞGABAT ŞÄHER HÄKIMLIGINIŇ
OLIMPIÝA ŞÄHERJIGINI
DOLANDYRYŞ MÜDIRLIGI

21.04.2024

«Galkan» Aşgabatda geçirilen halkara hokkeý ýaryşynyň ýeňijisi boldy

Türkmenistanyň «Galkan» topary Aşgabatda Aziýanyň we Ýewropanyň toparlarynyň onusynyň gatnaşmagynda şaýbaly hokkeý boýunça geçirilen halkara ýaryşynyň ýeňijisi boldy. Türkmenistanyň IIM-niň adybir hokkeý topary bu üstünligi şu gün final duşuşykda Russiýanyň Tatarystan Respublikasynyň «ADIHIC-Kazan» toparyny 4:2 (1:1, 0:1, 3:0) hasabynda ýeňmek bilen gazandy.

Toparlaryň ikisi-de ýaryşyň toparçadaky tapgyrlaryny ýeňlişsiz geçip, baş baýragy eýelemek ugrunda jemleýji oýunda güýç synanyşmaga hukuk gazandylar.

Final oýny sportda göz öňüne tutulmadyk ýagdaýlary bilen ýaryşyň hakyky bezegine öwrüldi.

Iki topar hem duşuşygy ýokary depginde başlap, bir-biregiň derwezesiniň alkymynda köp sanly howply pursatlary döretdiler. Ýöne, derwezebanlar Rahman Myradowyň («Galkan») hem-de Aýrat Walliuliniň («ADIHIC-Kazan») ajaýyp oýun görkezmekleri sebäpli hasaby uzak wagtlap açmak başartmady. Şeýle-de bolsa, sport toplumunyň içi janköýerlerden doly 10 müň tomaşaçylar 9-njy minutda derwezäniň torunda ilkinji şaýbany gördüler. Ony derwezäniň alkymyna hemmelerden çalasyn gelip, biziň hüjümçilerimiziň iň gowularynyň biri Perhat Atekaýew geçirdi.

Kazanyň dünýäde ykrar edilen hokkeý mekdebinden bolan myhmanlar hasaby deňlemek üçin güýçlerini gaýgyrmadylar we birinji bölegiň tamamlanmagyna 53 sekunt galanynda, Adel Awzalow hasaby deňlemegi başardy – 1:1.

Ikinji 20 minutlykda russiýalylar Nasser Subhiniň geçiren golundan soň, öňe saýlandylar hem-de 2:1 hasabynda «ADIHIC-Kazan» toparynyň peýdasyna ikinji arakesmä gitdiler.

Türkmenistanyň sekiz gezek çempionynda oýnuň barşyny üýtgetmek üçin soňky 20 minut galdy. Şoňa görä-de, Andreý Makarowyň we Meýlis Kulyýewiň türgenleri jemleýji bölekde bu wezipä ajaýyp hötde geldiler. 41-nji minutda Perhat Atekaýew goragçylardan arany açyp, derwezeban bilen ýekeme-ýekä çykdy, hem-de oýnuň hasabyny deňledi – 2:2. Ýene-de 2 minut geçeninden soň, Gurbanmyrat Taňňyýew garşydaşyň derwezesiniň alkymynda şaýbany öz üstünden aşyryp, derwezäniň goralmadyk burçuna geçirdi we «Galkany» öňe çykardy – 3:2. Ýeňiş goluny bolsa 51-nji minutda ajaýyp urgy bilen derwezäniň ýokarky burçundan Nowruz Baýhanow geçirdi.

Duşuşygyň soňky minutlarynda ýeňlişe sezewar bolmazlyk üçin «ADIHIC-Kazan» toparynyň tälimçileri derwezebany altynjy oýunça çalşyrdy. Ýöne, türkmen hokkeýçileri garşydaşyň depginli hüjümine garşy durmagy başardylar hem-de 4:2 ýeňiş hasabyny saklamagy başardylar.

Ýaryşyň ýapylyş dabarasynda “Galkanyň” hokkeýçilerine Kubok we altyn medallar, «ADIHIC-Kazan» (RF, Tatarystan Respublikasy) we «Volat» (Belarus) toparlaryna bolsa degişlilikde kümüş we bürünç medallar gowşuryldy.

Şeýle hem, ýaryşa hyzmat eden eminler we iň oňat oýunçylar ýörite sowgatlar bilen sylaglandylar. Iň gowy oýunçylar hökmünde derwezeban Ýaroslaw Lagun («Volat»), goragçy Musa Annasaparow («Galkan») we hüjümçi Aýdar Miftahow («ADIHIC-Kazan») yglan edildiler.

Şaýbaly hokkeý boýunça halkara ýaryş 15-20-nji aprel aralygynda Bahreýniň, Belarusuň, Eýranyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Omanyň, Russiýanyň, Özbegistanyň, Türkiýäniň we Türkmenistanyň toparlarynyň gatnaşmagynda sportuň gyşky görnüşleri boýunça sport toplumynyň buzly meýdançalarynyň ikisinde geçirildi.