Aşgabatda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli konsert geçiriler
Aşgabatda Ýaşlar simfoniki orkestriniň we birleşen çagalar horunyň konserti geçiriler. Bu ugurda ýörite döredilen Guramaçylyk topary tarapyndan ýurdumyzyň welaýatlaryndaky we Aşgabat we Arkadag şäherinleridäki çagalar sungat, ýörite sazçylyk we sungat ugurly orta hünär okuw mekdeplerinden ýerine ýetirjilik ukyby ýokary, notany ýüzugra okamak başarnygy kämil bolan zehinli çagalar we hor toparlary diňlenşik esasynda saýlanyp alyndy.
Konsertde 110 zehinli ýaş sazandadan ybarat Ýaşlar simfoniki orkestri, 120-ä golaý birleşen çagalar hory, körpe we ýetginjek aýdymçy-sazandalar meşhur türkmen we daşary ýurt aýdym-saz eserlerini bilen çykyş ederler.
Konsert 2024-nji ýylyň 1-nji iýunynda, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde (sagat 15.00) başlanar.