AŞGABAT ŞÄHER HÄKIMLIGINIŇ
OLIMPIÝA ŞÄHERJIGINI
DOLANDYRYŞ MÜDIRLIGI

30.05.2024

Flik Barselonanyň täze baş tälimçisi wezipesine bellendi

Klubyň metbugat gullugynyň habaryna görä Hans-Dieter Flick Kataloniýa Barselonanyň täze baştutany boldy. 59 ýaşly nemes hünärmeni Blaugrana bilen 2026-njy ýylyň 30-njy iýunyna çenli şertnama baglaşdy.

24-nji maýda Barselonanyň şu ýylyň başyndan bäri topara ýolbaşçylyk eden Hawi bilen konrakty ýatyrandygyny habar bereliň.

Flick, 2019-njy ýyldan 2021-nji ýyllar aralygynda "Baýern" alyp baran tälimçiligi bilen öňe saýlandy. Bu döwürde onuň ýolbaşçylygynda "Baýern" iki liganyň çempiony, iki nemes kubogy, iki nemes super kubogy, Çempionlar ligasy, UEFA super kubogy we dünýä çempionaty gazandy.