AŞGABAT ŞÄHER HÄKIMLIGINIŇ
OLIMPIÝA ŞÄHERJIGINI
DOLANDYRYŞ MÜDIRLIGI

31.05.2024

Türkmenistanly ITF taekwondo ussatlary Estoniýada geçirilen «Balt Cup-2024» halkara ýaryşynda 37 medal gazandylar

Türkmenistanly türgenler Estoniýanyň paýtagtynda geçirilen ITF taekwondonyň olimpiýa däl görnüşi boýunça «Balt Cup-2024» halkara ýaryşynda 20 altyn, 7 kümüş we 10 bürünç medal gazanyp begendirmegi başardylar.

Ýaryşa 8 ýurtdan 500 töweregi taekwondoçylar gatnaşyp, dürli derejelerinde baýraklar ugrunda bäsleşdiler.

Türkmenistanyň toparyndan ýaryşa 25 türgen gatnaşdy, olar bäsleşikleriň ähli görnüşleri boýunça jemi 37 medal – şol bir ýaryşda geçen ýyl bilen deňeşdirilende 8 medal köp gazandylar.

Şeýle hem, türkmenistanly ITF taekwondo ussatlarynyň şu ýyl halkara ýaryşlarynda gazanan ilkinji üstünligi däldigi begendirýär. Iki aý mundan öň Kuala-Lumpurda (Malaýziýa) geçirilen halkara ýaryşda olar 34 – 19 altyn, 9 kümüş we 6 bürünç medal eýelediler.