AŞGABAT ŞÄHER HÄKIMLIGINIŇ
OLIMPIÝA ŞÄHERJIGINI
DOLANDYRYŞ MÜDIRLIGI

31.05.2024

Türkmenistanda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli çäreler başlandy

Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanan baýramçylyk çäreleriň başlangyjy hökmünde Aşgabatda ýeňil atletika ýaryşy geçirildi.

Bedenterbiýe we sport komiteti we ýurduň welosiped federasiýasy tarapyndan gurnalan bu bäsleşik Olimpiýa şäherçesinde ýerleşýän welotrekde geçirildi.

Ýaryşa 2006-2010-njy ýyllar aralygynda dogulan 50-den gowurak türgen gatnaşdy. Ýaryşyň ýeňijilerine gymmat baha baýraklar gowşuryldy.

Ozal habar berlişi ýaly, 31-nji maý – 3-nji iýun aralygynda Türkmenistanyň welosport boýunça ýygyndy toparynyň türgenleriniň gatnaşmagynda ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary -- Tejen -- Aşgabat böleginiň ugry boýunça 335 kilometr aralyga dört tapgyrdan ybarat welosipedli ýörişi geçirmek meýilleşdirilýär. 3-nji iýunda bolsa Aşgabatda däp bolan köpçülikleýin welosipedli ýörişi guramak göz öňünde tutulýar.

Bütindünýä welosiped güni, 2018-nji ýylyň aprelinde BMG Baş Assambleýasynyň 72-nji mejlisinde yglan edilendigini ýatlap geçmek makul.