AŞGABAT ŞÄHER HÄKIMLIGINIŇ
OLIMPIÝA ŞÄHERJIGINI
DOLANDYRYŞ MÜDIRLIGI

03.06.2024

Türkmenistanyň milli ýygyndysy Grenlandiýanyň ýygyndysyny uly hasap bilen utdy

Türkiýäniň Antalýa şherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýän Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy 1-nji iýunda Grenlandiýanyň milli ýygyndy topary bilen halkara ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi. TFF-niň berýän habaryna görä, Türkmenistanyň milli ýygyndysy garşydaşyndan 5:0 hasabynda üstün çykdy. Ýygyndy topara ýeňiş getiren toplary Elman Tagaýew (2), Didar Durdyýew, Şanazar Tirkişow hem-de Alibek Abdyrahmanow öz atlaryna ýazdyrdylar.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy 26-njy maýdan 4-nji iýuna çenli aralykda Türkiýe Respublikasynyň Antalýa şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýär. Bu ýygnanyşyk Dünýä çempionaty ― 2026-nyň saýlama tapgyrynyň çäklerinde 6-njy iýunda Özbegistanyň (Daşkent şäheri), 11-nji iýunda bolsa Gonkongyň (Aşgabat şäheri) ýygyndylary bilen geçiriljek duşuşyklara taýýarlygyň esasy tapgyryna öwrüler.

Türkmenistanyň milli toparynyň Gonkongyň milli ýygyndysy bilen boljak duşuşygynyň «Aşgabat» stadionynda geçirilýändigini ýatladýarys.