Daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli geçirilen çäreler
BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2018-nji ýylda Türkmenistanyň başlangyjy bilen yglan edilen Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynda welosipedli ýörişlerdir sport çäreleri geçirildi. Şeýle çäreler Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlandy.
Giň gerimli welosipedli ýörişler London, Buharest, Er-Riýad, Dubaý, Ýerewan we Tbilisi şäherlerinde, şeýle hem BAE, Russiýa, Germaniýa, Gazagystan, Fransiýa, Hindistan, Pakistan ýaly ýurtlarda geçirildi. Çäreler ýerli häkimlikleriň, sport federasiýalarynyň we beýleki hyzmatdaşlaryň goldawy bilen Türkmenistanyň ilçihanalary hem-de konsullyklary tarapyndan guraldy.
Köpçülikleýin ýörişlere ýurduň diplomatik wekilhanalarynyň işgärleri we olaryň maşgala agzalary, türkmen diasporasynyň wekilleri hem-de talyplar gatnaşdylar. Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge goşant goşup, sagdyn durmuş ýörelgesini hem-de ekologiýa taýdan arassa ulag usullaryny wagyz edýän welosipedli ýörişler şäheriň merkezi köçelerinde we seýilgählerde geçirildi.
Bu çäreler halkara hyzmatdaşlygyň we dostlugyň nyşanyna öwrüldi. Ol welosiped sürmegiň saglygy berkitmekdäki hem-de daşky gurşawy goramakdaky ähmiýetini özünde jemledi.