AŞGABAT ŞÄHER HÄKIMLIGINIŇ
OLIMPIÝA ŞÄHERJIGINI
DOLANDYRYŞ MÜDIRLIGI

05.06.2024

Türkmen küştçileri 20 ýaşa çenli ýaşlaryň arasyndaky dünýä çempionatynda üstünlikli çykyş edýärler

Türkmen küştçileri Hindistanyň Gandinagar şäherinde geçýän 20 ýaşa çenli ýaşlaryň arasyndaky dünýä çempionatynyň ikinji oýun gününi şowly jemlediler.

Çempionatda 44 ýurtdan 200-den gowrak küştçi çykyş edýär. 11 tapgyrda şweýsar usulynda geçýän ýaryş 13-nji iýunda jemlener.

Ikinji tapgyrdan soň 2 utukdan toplan Türkmenistanyň çempiony, gyzlaryň arasynda FIDE-niň ussady Merýem Agajanowa hem-de 20 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda ýurdumyzyň çempiony, FIDE-niň ussady Lala Şöhradowa tamamlanan tapgyrlaryň ahyrkysynda degişlilikde Hindistandan bolan has ýaş bäsdeşlerini — Modipalli Diikşithuny we Drişti Goşy ýeňlişe sezewar etdiler.

Üçünji tapgyrda Merýem gara reňkli «küşt mallary» bilen FIDE-niň gazagystanly ussadynyň garşysyna çykar. Lala bolsa 18 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda Ýewropanyň çempiony bolan ermenistanly küştçi bilen duşuşar.   

20 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda wise-çempion Ahmet Gubataýew birinji tapgyry Ermenistandan halkara grossmeýster Emin Ogonýan bilen geçiren duşuşygyny deňlikde tamamlady. Ol ikinji tapgyrda Ermenistanyň ýene bir wekili, halkara grossmeýster Mamikon Garibýany ahmyrda goýdy. Ahmet üçünji tapgyrda FIDE-niň hindistanly ussady Apoorw Kamble bilen bilen küşt tagtasynyň başynda duşuşar.

14 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda Türkmenistanyň çempiony Jahan Rejepowa hem-de birnäçe gezek ýurdumyzyň çemmiony bolmagy başaran Azym Saryýew bolsa ikinji tapgyrda ynamly ýeňiş gazandylar.