
06.06.2024
Özbegistan — Türkmenistan: DÇ – 2026-nyň saýlama tapgyrynyň duşuşygyna haýsy çeşmeler boýunça tomaşa edip bolar?
6-njy iýunda Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndy topary Dünýä çempionaty – 2026-nyň hem-de Aziýanyň Kubogy – 2027-niň saýlama tapgyrynyň çäginde myhmançylykda Özbegistanyň ýygyndy topary bilen duşuşar.
Duşuşyk Daşkendiň «Bunýodkor» stadionynda geçer. Oýnuň başlanýandygyny yglan edýän jürlewük Aşgabat wagty bilen 19:30-da ýaňlanar
Türkmen futbolçylary ýaşyl eşikde futbol meýdanyna çyksa, özbek ýygyndysy ak köýnekçede çykyş eder.
Bu duşuşygyň Özbegistanyň «SPORT TV» teleýaýlymynda hem-de Özbegistanyň Futbol assosiasiýasynyň UZBEKISTAN FA Ýutub-kanalynda görkezilmegine garaşylýar.