AŞGABAT ŞÄHER HÄKIMLIGINIŇ
OLIMPIÝA ŞÄHERJIGINI
DOLANDYRYŞ MÜDIRLIGI

06.06.2024

DÇ ― 2026-nyň saýlama tapgyryndaky Türkmenistan ― Gonkong duşuşygynyň petekleri satuwa çykdy

Dünýä çempionaty ― 2026-nyň saýlama tapgyrynyň çäginde Türkmenistan bilen Gonkongyň futbol ýygyndylarynyň arasynda geçiriljek duşuşygyň petekleri satuwa çykdy.

Duşuşyk 11-nji iýun güni Aşgabat şäherindäki «Aşgabat» stadionynda başlanar. Onuň sagat 20:00-da başlanmagyna garaşylýar.

Duşuşygyň peteklerini stadionyň kassasyndan satyn alyp bolar.

Kassanyň iş tertibi:

Ir sagat 09:00-dan agşam 21:00-a çenli (dynç günsüz).

Petekleriň bahasy:

30 manat.