AŞGABAT ŞÄHER HÄKIMLIGINIŇ
OLIMPIÝA ŞÄHERJIGINI
DOLANDYRYŞ MÜDIRLIGI

09.06.2024

Oýunlaryň başlanmagyna 50 günüň galmagy mynasybetli Eýfel diňinde olimpiýa halkasy ýerleşdirildi

Parižde geçiriljek 2024-nji ýylyň tomusky Olimpiýa oýunlarynyň bosagasynda Eýfel diňinde olimpiýa halkasy ýerleşdirildi.

Nyşan Olimpiýa oýunlarynyň başlanmagyna 50 günüň galmagy mynasybetli goýuldy. 29 hem-de 13 metrlik gurluş gaýtadan işlenen polatdan taýýarlandy. Ol diňiň günorta tarapynda oturdyldy.  

Nobatdaky tomusky Olimpiýa oýunlary 26-njy iýul — 11-nji awgust aralygynda geçirilýär. Bu sport baýramçylygyna türkmen türgenleri hem gatnaşar.