AŞGABAT ŞÄHER HÄKIMLIGINIŇ
OLIMPIÝA ŞÄHERJIGINI
DOLANDYRYŞ MÜDIRLIGI

11.06.2024

Kuraş boýunça türkmen ýygyndysy Tähranda geçen Aziýa çempionatynyň medallaryndan çemen baglady

6 — 10-njy iýun aralygynda Eýran Yslam Respublikasynyň Tähran şäherinde geçen kuraş görnüşi boýunça Aziýa çempionaty hem-de halkara okuw-seminary Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalaryna ýatdan çykmajak täsirleri bagyşlady.

Çempionata 20 döwletden 200-e golaý türgen gatnaşdy. Şol ýerde çykyş eden türkmen toparyna 14 türgen wekilçilik etdi. Şeýlelikde, türkmen ýygyndysy uly üstünlige eýe boldy.

Kuraş boýunça Aziýa çempionatynda medallara eýe bolan türkmen türgenleri:

  • Lebap welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň  Çärjew etrabynyň 2–nji sport mekdebiniň tälimçisi Aýşirin Haýdarowa (48 kg) — altyn medal;
  • Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň 24-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Rozymeňli Meýmanowa (52 kg) — bürünç medal;
  •  Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň 29-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Nurana Hezretowa (63 kg) — bürünç medal;
  • Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň 14-nji orta mekdebiniň 11-njy synp okuwçysy Sabina Kadyrowa (78 kg) — bürünç medal;
  • Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň gullukçysy Nursoltan Erniýazowa (87 kg) — bürünç medal;
  • Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 4-nji ýyl talyby Serdar Babamyradow (60 kg) — bürünç medal;
  • Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 1-nji ýyl talyby Döwlet Hemrakulyýew (66 kg) — bürünç medal;
  • Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň çagyryş boýunça harby gullukçysy Mekan Pardabaýew (73 kg) — bürünç medal;
  • Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň 22-nji orta mekdebinde bedenterbiýe mugallymy Daýanç Omirow (81 kg) — bürünç medal;
  • Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
  • 4-nji ýyl talyby Ylham Kemalow (90 kg) — bürünç medal;
  • Aşgabat şäheriniň 55-nji orta mekdebiniň bedenterbiýe mugallymy Işanmyrat Ataýew (100 kg) — bürünç medal.

Türkmen pälwanlary bu ýaryşyň 11 medalyna eýe boldular. Şolaryň biri altyn, galan onusy bolsa bürünç medallardyr.