AŞGABAT ŞÄHER HÄKIMLIGINIŇ
OLIMPIÝA ŞÄHERJIGINI
DOLANDYRYŞ MÜDIRLIGI

15.06.2024

15-nji iýun: Ýewropa çempionatynda şu günüň duşuşyklary

Germaniýanyň Şotlandiýany 5-1 hasap esasynda ýeňen duşuşygy bilen açylan 17-nji Ýewropa çempionatynyň 2-nji gününde 3 duşuşyk geçiriler. Duşuşyklaryň ilkinjisi «A» toparçanyň, beýleki 2-si bolsa «B» toparçanyň oýunlary bolar.

Wengriýa – Şweýsariýa (18:00)
Aşgabat wagty bilen 18:00-da başlanjak oýunda Wengriýa bilen Şweýsariýanyň ýygyndylary duşuşar. Köln şäherindäki «RheinEnergieStadion»-da oýnaljak duşuşyga sloweniýaly Slawki Winçiç eminlik eder. Bu duşuşyk 2 toparyň arasyndaky 47-nji duşuşyk bolar. Yklymyň özara köp duşuşyk geçiren 2 toparynyň arasyndaky ozalky oýunlarda wengerler 30, şweýsarlar 11 gezek ýeňiş gazandy. 5 oýun deňlikde tamamlanyp, wengerleriň 151 goluna şweýsarlar 71 gol bilen jogap berdi. Iki topar Ýewropa çempionatynyň çäginde ilkinji gezek gabatlaşar.

Ispaniýa – Horwatiýa (21:00)
Günüň 2-nji duşuşygynda toparçalarda öňe saýlanýan oýunlaryň biri bolan Ispaniýa – Horwatiýa duşuşygydyr. 21:00-da başlanjak oýun angliýaly Maýkl Oliweriň eminlik etmeginde Berlindäki «Olimpiastadion»-da geçiriler. Bu olaryň özara 11-nji duşuşygy bolup, öňki 10 oýnuň 5-sinde ispanlar, 3-sinde horwatlar ýeňiş gazandy (2 oýun deňlikde tamamlandy). Gollarda 20-12 Ispaniýa öňde barýar. Bu olaryň Ýewropa çempionatlaryndaky 4-nji duşuşygy bolup, iki topar bassyr 3 çempionatdan bäri duşuşyp gelýär. 2012-nji ýylda toparçadaky oýunda Ispaniýa 1-0 (Nawas 88), 2016-njy ýylda toparçadaky duşuşykda Horwatiýa 2-1 (Kaliniç 45, Perişiç 87 – Morata 7) hasabynda ýeňipdi. 2020-nji ýylda-da 1/8 finalda 8 goluň geçirilen oýnunda esasy wagt 3-3 deňlikde tamamlanyp, Ispaniýa goşmaça wagtda 5-3 garşydaşyndan üstün çykypdy (Sarabiýa 38, Aspilikueta 57, Ferran Torres 77, Morata 100, Oýarzabal 103 – Pedri 20 ö.d., Orşiç 85, Paşaliç 90+2).

Italiýa – Albaniýa (00:00)
Günüň 3-nji we iň soňky oýny Italiýa bilen Albaniýanyň arasynda geçiriler. 00:00-da başlanjak oýnuň emini germaniýaly Feliks Swaýer bolup, duşuşyk Dortmunddaky «Westfalenstadion»-da oýnalar. Bu olaryň arasyndaky 5-nji duşuşyk bolup, mundan öňki 4 oýunda italýanlar ýeke gezek hem ýeňilmän, ählisinde-de Albaniýany ýeňmegi başardy.