Taryhy çempionlyk bir ýeňiş uzaklykda
Amerikanyň Milli hokkeý ligasy NHL-de Stenli Kubogy ugrundaky final duşuşyklarynyň 3-njisi geçirildi. Kanadada geçirilen «Edmonton Oýlers» – «Florida Panters» duşuşygynda myhmanlar ýeňiş gazandy. Çekeleşikli geçen oýunda «Florida Panters» garşydaşyny 4:3 hasap bilen ýeňlişe sezewar etdi. Duşuşykda ýeňiş gazanan toparyň gollaryny 18-nji minutda Raýnhart, 29-njy minutda Tarasenko, 33-nji minutda Bennett hem-de 35-nji minutda Barkow geçirdi. Ýer eýelerinden Fogeleniň (21), Brobergiň (46) hem-de Maklaudyň (54) şaýbalary ýeňşe ýeterlik bolmady.
Şeýlelikde, «Florida Panters» 3-nji duşuşygynda-da ýeňiş gazanyp, umumy hasapda 3:0 öňe saýlandy we çempionlyga bir ädim golaýlady. Olar 4-nji duşuşykda-da ýeňiş gazansa, taryhynda ilkinji gezek NHL-iň çempiony bolup, Stenli Kubogyny gazanarlar. «Edmonton Oýlers» bilen «Florida Pantersiň» arasyndaky 4-nji duşuşyk 16-njy iýunda ýene-de Kanadada geçiriler. Duşuşykda «Edmonton» topary ýeňiş gazansa, toparlaryň arasyndaky 5-nji oýun 9-njy iýunda Floridada oýnalar.