AŞGABAT ŞÄHER HÄKIMLIGINIŇ
OLIMPIÝA ŞÄHERJIGINI
DOLANDYRYŞ MÜDIRLIGI

16.06.2024

Hyratda geçen futzal ýaryşy dostlugyň nyşanyna öwrüldi

14-nji iýunda Türkmenistanyň Owganystandaky Baş konsullygy tarapyndan ýurdumyzda 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýip yglan edilmegi hem-de beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Hyrat welaýatynda ýaşaýan türkmen diasporasynyň wekillerinden ybarat bolan toparlaryň arasynda futzal ýaryşy guraldy. Bäsleşik Hyrat şäheriniň «Mirwais Sadek» sport toplumynda geçirildi.

Bu sport çäresine Owganystanyň Woleýbol federasiýasynyň hem-de Hyrat welaýatynyň bedenterbiýe we sport müdirliginiň ýolbaşçylary we şol welaýatda ýaşaýan türkmen diasporasynyň abraýly wekilleri myhman hökmünde gatnaşdylar.

Futzal boýunça geçirilen ýaryşy diňe bir sport baýramçylygy bolman, eýsem, dostlugyň, hoşniýetli goňşuçylygyň hem-de döwletara gatnaşyklarynyň nyşanyna öwrüldi.

Şeýlelikde, ýaryşyň ýeňijilerine Baş konsullygyň adyndan kuboklar we medallar, şeýle hem ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Bu ýaryş türgenlerde we janköýerlerde ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Çäräniň ahyrynda bu ýere gelen myhmanlara we janköýerlere türkmen milli tagamlary hödür edildi.