AŞGABAT ŞÄHER HÄKIMLIGINIŇ
OLIMPIÝA ŞÄHERJIGINI
DOLANDYRYŞ MÜDIRLIGI

25.09.2023

Türkmen türgenleri Hançjou şäherinde geçirilýän Aziýa oýunlarynda girişdiler

Türkmenistanly türgenler Aziýa oýunlarynyň ilkinji gününde sportuň 4 görnüşi — suwda ýazmek, dzýudo, boks we uşu-sanda boýunça ýaryşa girişdiler. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiri habar berdi.

100 metr aralyga erkin usulda suwda ýüzmekde Musa Jalaýew 23-nji netijäni görkezdi. Merdan Ataýew bolsa 100 metr aralyga arkanlygyna ýüzmekde finala çykyp bilmedi.

Dzýudo boýunça Aýbek Ömirow we Hekim Agamammedow ilkinji oýunlarynda ýeňiş gazandylar, ýöne ikinji tapgyrda Özbegistana we Koreýa Respublikasyna wekilçilik edýän garşydaşlaryndan asgyn geldiler. Kurbanaý Kurbanowa we Saýara Rozyýewa bolsa Aziýa oýunlaryndaky ýörişlerini birinji tapgyrda tamamladylar.

Boks boýunça Hursand Imankuliýew ilkinji söweşde Mongoliýanyň ýygyndysynyň agzasy, 2023-nji ýyldaky dünýä çempionatynyň finalçysyndan ýeňlişe sezewar bolup, ýaryşy terk etdi.

Uşu-sanda boýunça Agajumageldi Ýazymow 60 kilograma çenli agram derejesinde ýaryşyň ikinji tapgyryna çykdy. Ol mongoliýaly garşydaşynyň agramynyň bellenilen mukdardan agyr gelendigi sebäpli, tehniki ýeňiş bilen indiki tapgyryň ýollanmasyna eýe boldy.

Ýeri gelende ýatlatsak, ХIХ tomusky Aziýa oýunlary 8-nji oktýabra çenli dowam eder. Aziýa oýunlarynda türkmenistanly türgenler 3x3 basketbol, boks, erkin we grek-rim göreşi, jiu-jitsu, dzýudo, kuraş, karate, ýeňil atletika, suwda ýüzmek, agyr atletika we uşu boýunça medallar ugrunda göreşerler.