AŞGABAT ŞÄHER HÄKIMLIGINIŇ
OLIMPIÝA ŞÄHERJIGINI
DOLANDYRYŞ MÜDIRLIGI

18.06.2024

«Arkadag» hem-de «Altyn Asyr» futbol klublary 2024/2025-nji ýyllaryň möwsüminde AFK-nyň ýaryşlarynda çykyş eder

Türkmenistanly futbol muşdaklary 2024-nji ýylyň güýzünde ýurdumyzyň toparlarynyň 2024/2025-nji ýyllaryň futbol möwsümi boýunça Aziýanyň klublarynyň arasyndaky ýaryşlarda etjek çykyşlaryna tomaşa etmäge mümkinçilik alarlar.

Aziýanyň Futbol Konfederasiýasynyň saýtynda çap edilen maglumatlar Türkmenistanyň AFK-2 Çempionlar ligasyna gatnaşmaga ýollanmalaryň birini alandygyny tassyklaýar. Bu ýaryşa «Altyn Asyr» gatnaşar. Ýollanmalaryň ýene biri bolsa AFK-nyň Çagyryş Ligasyna gatnaşmak üçin «Arkadag» futbol klubuna gelip gowuşdy.

Şeýlelikde, türkmen klublarynyň ikisi nobatdaky möwsümde Aziýanyň klublarynyň abraýly ýaryşlarynda Watanymyza wekilçilik eder.

Aziýada nobatdaky futbol möwsüminiň başlanmagy bilen klublaryň ýaryşlaryna täze düzgün giriziler. Ozal iki derejedäki ýaryş guralan bolsa, indi şeýle ýaryşlaryň üçüsi geçiriler. Mahlasy, ýaryşlar Ýewropanyň ulgamyna (Çempionlar Ligasy, Ýewropanyň Ligasy we Konferensiýanyň Ligasy) meňzeş tertipde alnyp barlar.

Aziýanyň täze ýaryşlary:

  • AFC Elite Champions League — (24 klub);
  • AFK-nyň Çempionlar ligasy 2 — (32 klub);
  • AFK-nyň Çagyryş ligasy (AFC Challenge League) — (20 klub).

Ýaryşlaryň toparçalardaky tapgyrlarynyň bijeleriniň awgustyň ahyrynda çekilmegine garaşylýar. Şol bijeler klublary yklymyň ýokary derejedäki ýaryşlarynyň toparçalaryna böler.