AŞGABAT ŞÄHER HÄKIMLIGINIŇ
OLIMPIÝA ŞÄHERJIGINI
DOLANDYRYŞ MÜDIRLIGI

30.09.2023

HANÇŽOU 2023: TEJEN TEJENOW HEM-DE AÝNUR AMANOWA KURAŞ BOÝUNÇA KÜMÜŞ WE BÜRÜNÇ MEDALLARA EÝE BOLDULAR

ХIХ tomusky Aziýa oýunlarynyň şu gün säher bilen başlanan kuraş boýunça ýaryşlaryndan hoş habarlar gelip gowuşdy. Türkmen ýygyndysyndan Tejen Tejenow hem-de Aýnur Amanowa uly üstünlige ýetdi.

90 kilogramdan ýokary agram derejesindäki ýaryşda Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Gurluşyk we binagärlik sport kluby hojalyk müdirliginiň türgeni Tejen Tejenow kümüş medala eýe boldy. Türkmen pälwany ýaryşyň 1/8 finalynda gazagystanly Nurdaulet Žarylgapowy ýeňdi. Çärýekfinalda Gyrgyz Respublikasyndan Bekbolot Toktogomowy ahmyrda goýmagy başardy — 3:0. Ýarymfinalda Koreýa Respublikasyndan bolan Junýon Çony ynamly ýeňen (10:0) ildeşimiz diňe finaldaky garşydaşyndan — özbegistanly Muhsin Hisomiddinowdan asgyn geldi. Munuň özi ildeşimiziň kümüş medala eýe bolandygyny görkezýär.

52 kilogram agram derejesinde çykyş edýän Lebap welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň Türkmenabat şäheriniň 7-nji sport mekdebiniň tälimçi-mugallymy Aýnur Amanowa hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdy. 1/8 finalda Fam Nguen Hong Mony (Wýetnam) 10:0 hasabynda ýeňen zehinli gyz soňra Sawira Dia Fitri Rizkiantini (Indoneziýa) ýeňlişe sezewar etdi — 5:0. Çärýekfinalda koreýaly Ýonjiden (3:0) üstün çykan Aýnur ýarymfinalda özbegistanly Hilola Ortikboýewany ýeňip bilmedi we Oýunlaryň kuraş ýaryşynyň bürünç medalyna eýe boldy.